SOŇKY HABARLAR
Ankara şäherinde Halkara Bitaraplyk Gününe bagyşlanan maslahat geçirildi
2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň wekilleri, Ankara şäherinde ýerleşýän Ilçihanalaryň wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjyla...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi
Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Bu waka Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Iki ýurduň demir ýoluň edaralary geçen hepde Aşgabatda bu demir ýoluň şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň...
Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi
Şu gün paýtagtymyzda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini dowam etdi, ol Türkmenistanyň bu halkara guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, foruma dünýäniň 52 döwletiniň-- Awstriýanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Bangladeşiň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Gwatemalynyň, Eýranyň, Ispaniýanyň, Iordaniýanyň, Ýemeniň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Nid...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, halkara maslahatynyň çäklerinde “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Başlyklyk edýän döwründe bilelikde amala aşyrylan amaly we netijeli işlerini kanagatlanma bilen belläp, taraplar Türkmenistan...
Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we bar bolan mümkinçilikleri seljerildi. Özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmäge kanagatlanma bildirip, taraplar harby-syýasy, ykdysady-ekologik...
Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi açyldy
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle...
Ankara şäherinde Türkmenıstanyň Prezıdentiniň «Türkmenıstan - Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyna bagyşlap, 2017-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň Gazi döwlet uniwersiteti bilen bilelikde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň käbir deputatlary, Ankara şäheri...