SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Watandaşlarymyza gutlag hatyny iberdi
Sizi halkara ähmiýetli uly taryhy waka - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de şanly sene mynasybetli bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 17-nji noýabrda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mälim bolşy ý...
Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy gutlandy
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän "Swiss" myhmanhanasynda resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi. Kabul edişlige Türkiýe Respublikasynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, daşary ýurt Ilçihanalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, ýolbaşçylary we we...
BMG-niň Baş Assambleýasy “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziň orny”atly kararnamany kabul etdi
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...
Aşgabatda geçirilen işewürler maslahatynda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Aşgabatda işewürler maslahaty geçirildi we onuň dowamynda döwlet guramalarynyň, sebit ýurtlarynyň işewürler düzümleriniň, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri duşuşdylar. Forum Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde taga...
Türkmenistan we Türkiýe geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Ahmet Ýyldyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara we sebitleýin meseleleri, şeýle hem häzirkizamanyň howplaryna we wehimlerine garşy bilelikdäki işleri güýçlendirmek meseleleri boýunça önjeýli pikir alyşmalar geçi...
Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty öz işine başlady
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda paýtagtda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlik Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahaty (RECCA VII) öz işine başlady. Maslahatyň ilkinji iş gününde umumy mejlis we işçi toparlarynyň üç sany mejlisi geçirildi. Forumyň birinji iş gününe RECCA VII-ä agza ýurtlaryň wekilleri we bilermenler, birnäçe halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdyl...
Türkmenistanyň DIM-nde Yslam Ösüş Bankynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Yslam Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory jenap Hişam Taleb Maruf bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Owganystany dikeltmek boýunça bilelikdäki önjeýli işleriň çäklerindäki netijelere, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşe ynam b...