SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Ženewadaky bölüminde "RECCA VII" bagyşlanan maslahat geçirildi
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Ženewadaky Milletler Köşgünde 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda boljak Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII maslahatyna (RECCA VII) bagyşlanan toparlaýyn maslahat geçirildi. Maslahatyň işine RECCA-nyň meýilnamalaryna we taslamalaryna gatnaşýan ýurtlaryň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň we Halkara söwda merkezi hem-de BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy ýaly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary...
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň wise-prezidentligine saýlandy
ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän Baş edarasynda guramanyň Baş Konferensiýasynyň 39-njy mejlisi öz işine başlady. 2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 202-nji sessiýasyndaky №202 EX/27 Part III bellikli çözgüde görä Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Baş Konferensiýasynyň (ÝUNESKO) başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň içerki özgertmeleriniň esasy, möhüm we zerur şerti bolup durýan işj...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Duşenbäniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzode we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Duşenbäniň Halkara howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar döwründe berilen rezidensiýa ugrady. Soňra Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne geldi. Ol ýerde Prezident G...
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” atly ХХII Halkara maslahat we sergi açyldy
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt ha...
Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, B...
Duşenbede türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi
2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhim...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Bu şatlykly baýram hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça esaslandyrylan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuny dabaralandyrýar. Türkmen topragynyň ähli künjeginde ýokary ruhy göteriliş ýagdaýynda geçýän ählihalk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap ýaşaýyş toplumlary, durmuş, medeni hem-de senagat maksat...