SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda giňden bellenilýän berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry Garaşsyz Türkmenistanyň döredilen hem-de ykrar edilen beýik taryhy senesidir. Mundan ýigrimi alty ýyl ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen eziz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň ýörelgeleri, syýasy we ykdysady, medeni hem-de durmuş ös...
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanan leksiýalar
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...
Giresunda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk Baýramynyň dabarasy
2017-nji ýylyň 26-njy oktýabry Perşenbe güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygyna bagyşlap Ilçihanamyzyň tarapyndan Giresun uniwersiteti bilen "Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygy" atly dabaraly çäre geçirdi. Çäräniň dowamynda maslahat we baýramçylyk konserti guraldy. Çärelere Giresun uniwersitetiniň prorektorlary, professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Giresun şäherinde bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar gatnaş...
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky kottežler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Iki gatly kottež jaýlaryň we üç hem-de dört gatly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň günorta künjegine boldy Bu ýerde medeni-durmuş maksatly hem-de häzirkiaman durmuş düzümi bolan desgalaryň täze toplumy emele geldi. Bu taslamanyň durmuşa...
“Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” döwrüň we siwilizasiýanyň gepleşigi
2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly taze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, biziň ýurdumyzda akreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň, köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurt baştutanynyň taze kitaby bolan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň...
«Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty
2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyznatdaşlyk» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň daşary işler, goranmak, maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinden, deňiz we derýa ulaglary, serhet gulluklaryndan, balyk hojalygy, gidrometeorolog...
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň golf-klubunyň işlemegine badalga berdi
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy. Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanymyz top boýunça ilkinji urgyny edip, Aşgabadyň golf toplumynyň işlemäge başlandygyny alamatlandyrdy. Aşgabadyň golf-meýdançasyny döretmek üçin tebigy aýratynlyklary bolan künjek seçilip alyndy. Onuň tebigy görnüşine binagärler özboluşly çeper görnüşi goşup, meýdançanyň has amatly bolmagyny we ruhuň göteriji häsiýetini şertlendiripdirler. Bu...