SOŇKY HABARLAR
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk boldy
2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, stats-sekretar G.B.Karasin bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň özeni bolup durýan ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşini bellediler. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderleýin we ulgamlaýyn ösüşiniň berk binýady hökmünde çykyş edýän ýokary d...
Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzasy boldy
2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara d...
Türkmentelekom hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy limitsiz Internet üçin bahalary azaltmak boýunça çäre geçirýär
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna “Türkmentelekom” döwlet Internet-prowaýderi hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy baýramçylyk çäresini geçirýärler: 2017-nji ýylyň 5—31-nji oktýabry aralygynda müşderilere limitsiz Internete amatly bahalar boýunça birikmek mümkinçiligi dörediler. Tizligi 256 Kbit/s deň bolan Internet bir aýda 135 manat (ozal 190 manat) bahasy boýunça, 512 Kbit/s çenli 50 manat (ozal 250 manat) bahasy boýunça 2048 Kbit/s çenli 250 manat bahasy (ozal hyzmat e...
Türkmenistandaky ÝHHG-niň seminary
Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar. Bu üç günlük çäräniň çäklerinde dürli zolaklarda resmileşdirilen we aýratyn salgyt düzgüni bolan kompaniýal...
Türkmenistan-Owganystan sebitleýin ykdysady integrasiýasynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdy
2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda geçirilýän Akademik foruma gatnaşmak üçin iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adel Razyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentlerini...
Türkmenistan bilen Oman Soltanlygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Oman Soltanlygynyň paýtagty Maskat şäherinde Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary sýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oman tarapynyň wekiliýetine Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dr. Mohammed bin Awadh Al Hassan ýolbaşçylyk etdi. Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleler girizildi. Hususan hem, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgaml...
Hormatly Prezidentimiz GDA döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ugry...