SOŇKY HABARLAR
Dünýäniň 82 ýurdundan 500-den gowrak habarçylary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň barşyny beýan edýärler
Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda daşary ýurt žurnalistleriniň 500-den gowragy işläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşyny dessin beýan edýärler. Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri üçin Olimpiýa şäherçesinde netijeli işlemek üçin ähli şertler döredildi. Ýaryşlary beýan edýän žurnalistleriň ygtyýarynda iň gowy döwrebap tehnikalar bolup, olar öz habar beriş serişdeleriniň redaksiýalary bilen aragatnaşyk hem-de amatly iş otaglary bilen üpjün edildi. Häzir bu ýe...
Olimpiýa şäherçesinde Bosgunlar toparyna sowgat gowşurmak dabarasy geçirildi
2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berip, bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam...
Olimpiýa şäherçesinde metbugat maslahaty geçirildi
Olimpiýa şäherçesindäki Halkara Media merkeziniň uly zalynda daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň sekretary A. Myradowyň, Okeaniýanyň milli Olimpiýa komitetiniň administratory Rikardo Blasyň, AOG-nyň wise-prezidenti Huseýin Al-Musallamyň we “Trivandi Chanzo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeýms Bulliniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. “Trivandi Chanzo” Britan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeýms Bulli...
Bosgunlar topary Aşgabat 2017-ä minnetdarlyk bildirýärler
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan bosgunlar toparynyň agzalary dünýä derejesinde geçiriljek geljekki ýaryşlarda hem bosgunlara gatnaşmaga mümkinçilik döredilmegine uly umyt bildirýärler. Bäş sany türgen: Paulo Amotun Lokoro, Wiýual Puok Deng, Gaý Nýang Tap, Ukuk Utloo Bul we Ýieh Pur Biel dagylar Keniýanyň Naýrobi şäherinde Tegla Lorupeniň esaslandyran Parahatçylyk gaznasy tarapyndan guralan synag oýunlaryndan soň Aşgabat 2017-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar....
Aşgabat şäherinde Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň ýerine ýetiriji Komitetiň 70-nji Mejlisi we Baş Assambleýanyň 36-njy Mejlisi geçirildi
2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabat şäherinde “Olimpiýa” myhmanhanasynda Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji mejlisini geçirdi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah sözüni Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çarşenbe gününde geçiriljek Baş Assambleýasyna gatnaşýan geňeşiň agzalaryny gutlamak bilen başlady: “Meniň üçin şu ýerde Azi...
Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady
Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18...
Olimpiýa şäherçesinde metbugat maslahaty geçirildi
2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň Media merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy meseleleri gatnaşyklary berkitmek we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlaryny şöhlelendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sport metbugat...