RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Sen

Türkmenistanyň DIM-nde bosgunlaryň sport toparlary baradaky BMG-niň Jarnamasy boýunýa maslahat geçirildi

2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly maslahat geçirildi. Onuň işine türkmen diplomatlary, syýasatşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary...

DOWAMY
pic
18 Sen

Ýaryşlaryň ilkinji gününde Türkmenistanyň sport ýygyndysy 16 altyn medala mynasyp boldy

2017-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň birinji güni tamamlandy. Oýunlaryň resmi açylyşy Aşgabatda 17-nji sentýabrda boldy, emma häzirden jiu-jitsu, türkmen milli göreşi boýunça medallar ugrunda ilkinji bäsleşikler geçirildi, futzal boýunça ýaryşlara badalga berildi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 37 medal, şolardan 16 altyn, 14 kümüş hem-de 7 bürünç medal bilen umumy hasapda öňde barýar. Ilkinji iki altyn me...

DOWAMY
pic
17 Sen

Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.  Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji g...

DOWAMY
pic
16 Sen

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçýän döwründe Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bilelikdäki Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça” ýüzlenmesi, dünýäniň köp sanly adam hukuklary çygryndaky daşary ýurt hökümet we halkara bilermenleri tarapyndan goldaw tapdy.     Şunuň bilen, ABŞ-niň Ženewa...

DOWAMY
pic
16 Sen

Press-Reliz

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşi Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklary pugtalandyrmak babatdaky Olimpiýa bosgunlar toparlarynyň gymmat goşantlaryny sylaglamak barada” atly Türkmenistanyň we Braziliýanyň bilelikdäki beýannamasyny kabul etdi. Bu resminama laýyklykda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň agza ýurtlary iri halkara sport çärelerde, şol sanda ilkin...

DOWAMY
pic
15 Sen

OŇYN BAŞLANGYÇLAR – GLOBAL MESELELERI ÇÖZMÄGE GOŞANT

2017-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahaty öz işine başlady. Bu maslahat 2017-nji ýylyň sentýabryndan 2018-nji ýylyň sentýabry aralygyndaky döwürde dowam eder. BMG-niň Baş Assambleýasy öz işiniň barşynda gapma-garşylyklaryň öňüni almak, adam hukuklaryny goramak, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek, howanyň üýtgemegi we BMG-niň özgertmeleri hakyndaky meselelere üns berer. Şeýle-de,  2017-nj...

DOWAMY
pic
15 Sen

SPORT - DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY GAZANMAGYŇ GURALY

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan men Türkmenistanyň Hökümetini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen gutlamak isleýärin. Biz taryhy wakanyň, ýagny sportuň adamlary ýakynlaşdyrmakda jadyly güýç bolup hyzmat edýändiginiň  şaýatlary bolup durýarys. Aziýa oýunlaryna bosgunlaryň ýygyndysyny hem öz içine alýan Aziýadan we Okeaniýadan 6000-den gowrak türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanda Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda bu wakan...

DOWAMY