RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Geçirilen dabarada, Türkiýäniň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, meşhur ýazyjy-şahyrlar, syýasy-jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-i gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly M.Öwezow Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ýurdumyzyň gazanan...

DOWAMY
pic
7 Maý

Türkmenistanda halkara resminamalarynyň sanly kitaphanasy döredildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada maglumatlary öz içine alýan halkara resminamalaryň elektron kitaphanasyny açdy. Täze çeşme üç dilde - türkmen, iňlis we rus dillerinde bar. Elektron kitaphanada parahatçylyk we howpsuzlyk, parlament diplomatiýasy, ulag diplomatiýasy, daşky gurşaw diplomatiýasy, energiýa diplomatiýasy, medeni diplomatiýa, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda Türkmenistan we beýlekiler ýaly kategoriýalar...

DOWAMY
pic
23 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

DOWAMY
pic
14 Mar

Ankara şäherindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynda möhüm hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan tegelek stol duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Türki Dünýäsiniň Ýaşlar fondunyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Tegelek stoluň gatnaşyjylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýi...

DOWAMY
pic
3 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu foruma çagyrandygy üçin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, gadyrly doganym Rejep Taýyp Erdogana minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle hem, bu çäräniň guramaçylaryna şu abraýly forumda çykyş etmäge mümkinçilik döredendikleri üçin hoşallyk bildirýärin. Forumyň ýokary derejede guralandygyny, türk doganlarymyzyň myhmansöýerligini bellemek isleýärin. Halkara g...

DOWAMY
pic
21 Few

TÜRKSOÝ-da 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Ankara şäherinde ýerleşýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynda, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi, şeýle hem Beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna mynasybetli taýýarlanan banneriň açylyş dabarasy geçirildi. TÜRKSOÝ-yň binasynyň öňünde geçirilen dabara, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň wise-prez...

DOWAMY