SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan we Özbegistan ýangyç-energetika ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýärler
Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň paýtagtymyzda geçiren duşuşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatna...
Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Tährana amala aşyran iş saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy. Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, köp asyrlardan bäri...
Türkmen-eýran gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar
2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny EYR-nyň ýokary wezipeli resmi adamlary garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ynanyşmak we birek-birege hormat...
Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň dowamynda ýokary derejedäki meýilleşdirilen sapar...
KHBS üçin maglumat
2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara alamak...
Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurnady. Gül goýmak dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet ministriniň orunbasary Nadır Alpaslan, Ankaradaky daşary ýurtlarynyň diplomatiki wekilhanalarynyň, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylar we jemgyýetçilik işgärle...
Ankarada Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreler geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkiýäniň Welosport Federasiýasy bilen bilelikde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörüşini gurnady. Ankaranyň Botaniki seýilgähinde geçirilen köpçülikleýin sport çärä Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministrliginiň, Welosport Federasiýasynyň ýolbaşçylary, sport türgenleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar. Sport çäresine badalga beriş dabarasynda BMG-nyň Baş Assambleýa...