SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi....
Türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň mümkinçiklikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşdy. Diplomatlar ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga, hukuk...
Türkmenistanyň DIM-de Arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky Patriarhal dekanlarynyň ybadathanalarynyň dolandyryjysy Arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alşyldy. Bu nukdaýnazardan Arhiýepiskop Feofilakt, Türkmenistandaky rus prawoslaw ybadathanalarynyň işi üçin döredilen amatly şertler üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Aşgabatda türkmen-fransuz syýasy maslahatlary geçirildi
2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Fransiýa tarapyna Fransiýanyň DIM-niň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi. Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy,...
Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň BMG-n...
The President of Turkmenistan received the Extraordinary and Plenipotentiary Ambassador of Italy
On January 11, 2023, President Serdar Berdimuhamedov received the newly appointed Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Italian Republic to Turkmenistan Luigi Ferrari, who presented his credentials to the head of state. The diplomat conveyed warm greetings from the President of his country, Sergio Mattarella, who addressed the wishes of happiness and prosperity to all the Turkmen people, emphasizing that the development of a long-term partnership with dynamically developing Turk...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýaşlary diplomatiýanyň ähli görnüşlerini işjeň öňe sürmäge çagyrdy
2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň, Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň, institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre guraldy. Bu şygar duşuşygyň mowzugyny, şeýle hem ý...