RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Noý

Türkmenistan Palestina döwletine ynsanperwerlik kömegini iberdi

Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek...

DOWAMY
8 Noý

Aşgabat şäherine bagyşlanan maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we talyplar, metbugat wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daş...

DOWAMY
6 Noý

Türkmenistanyň wekiliýeti Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji  synyna gatnaşdy. Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi...

DOWAMY
6 Noý

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Gazgystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşdy. Şeýle hem sammite Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wikt...

DOWAMY
3 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary TDG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň işine şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, TDG-niň, TürkPA-nyň we TÜRKSOÝ-yň baş sekretarlary, Türki akademiýasynyň, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň, Türki maýa goýum gaznasynyň...

DOWAMY
2 Noý

BMG-niň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräni açmak bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde alyp barýa...

DOWAMY
2 Noý

Türkmenistan bilen UNOPS-yň hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) köp ýurtly edarasynyň direktory Freýa fon Grooteniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara taslamalaryna hyzmat etmegiň çäginde UNOPS bil...

DOWAMY