RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Okt

Bangladeşiň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi M.Amanul Hakdan (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýag...

DOWAMY
8 Okt

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habar

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Bitarap Türkmenistan döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda açyk we aýdyň içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Şunuň bilen, biziň ýurdumyz döwlet gurluşynyň esaslaryny berkitmäge, köp ugurly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm jemgyýetçilik meseleleri çözmäge we türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli we uzak möhletleýin milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýoluna berk eýerýär. Amatly daşarky şertleriň döredilmegi şeýle...

DOWAMY
4 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan b...

DOWAMY
2 Okt

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-dipl...

DOWAMY
2 Okt

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” form...

DOWAMY
2 Okt

Türkmenistan we GFR köptaraply hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ugrunda

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Federal daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Ygtyýarly wekili Matias Lýuttenberg bilen duşuşyk geçirdi.  Duşuşygyň dowamynda taraplar meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar we i...

DOWAMY
30 Sen

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň formatynyň çäklerinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň...

DOWAMY