img
EMBASSY OF TURKMENISTAN
REPUBLIC OF TÜRKİÝE - ANKARA
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy we SHOM jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde dabaraly çäre geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy hem-de Ankaradaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýanýoldaşlarynyň jemgyýetçilik birleşigi (SHOM) bilen bilelikde guralyp, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we medeni dialogy pugtalandyrmak» atly

mowzuga bagyşlandy.

Dabara diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Türkiýede akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýanýoldaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkitmek, zenanlaryň jemgyýetçilik we diplomatik ugurlardaky ornuny ýokarlandyrmak, şeýle hem döwletleriň arasynda medeni dialogy we dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Çärä gatnaşan myhmanlar üçin milli däp-dessurlary, taryhy-medeni mirasy, Türkmenistanyň häzirki zaman gazanan üstünlikleri, şeýle hem türkmen milli tagamlary bilen tanyşdyrýan medeni maksatnama guraldy.

Şeýle hem çäräniň çäklerinde Ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosergi gurnaldy. Onda meşhur bedewleriň gözelligini, nepisligini we taryhy ähmiýetini şöhlelendirýän täsin suratlar ýerleşdirildi.