Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşdylar
2023-nji ýylyň 30-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy.
Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna uly ähmiýet berilýär. Bu saparyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň we ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Häzirki wagtda dürli ulgamlarda gol çekilen ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.
Prezident Seýed Ebrahim Raisi müňýyllyklara uzap gidýän taryhy we medeni kökleriň hem-de däpleriň umumylygyna esaslanýan eýran-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki günde dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigini belläp, EYR-nyň döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini nygtap, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny bellediler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň özara saparlary we olaryň çäklerinde geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler, hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji ýubileý sammitine hem-de 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran iş saparlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýrana amala aşyran ilkinji resmi sapary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu özara saparlar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly itergi berip, türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk gurallaryny işläp taýýarlamak üçin ministrlikleriň hem-de Hökümet wekilleriniň özara saparlaryny yzygiderli esasda guramagy teklip etdi.
Taraplar halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça birek-biregiň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy aýratyn bellenildi. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara derejede has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gaz, elektroenergetika, ulag, suw pudaklaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýrana sapar bilen gelmäge çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Prezident Seýed Ebrahim Raisä minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Eýýäm 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklary saklap gelýärler. Taryhy nukdaýnazardan bu gysga döwürde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik derejä çykaryldy.
Eýran Yslam Respublikasy ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldady we dünýä giňişliginde bu ugurda ýardam berdi. Mundan başga-da, eýran tarapy ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýar.
Öz nobatynda, Türkmenistan Eýranyň özygtyýarlygyna hormat goýýar. Onuň anyk we netijeli ýörelgelerine ýokary baha berip, dünýä giňişligindäki ornuny belleýär hem-de halkara başlangyçlaryny goldaýar.
Gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda dünýä giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň barha artýan orny bilen baglylykda, sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýylsaýyn artýan gyzyklanmanyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamak, goňşy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, olary amala aşyrmak boýunça anyk işleri alyp barýar. Hususan-da, Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly ugurlarda sebit we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek ugrunda amala aşyrýan demir ýol gurluşygynyň uly ähmiýetini nygtap, infrastruktura taslamalarynyň diňe bir owgan tarapy üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem maýa goýum boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň hem Eýranyň gatnaşyklarynda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meselelere möhüm orun berilýär. Häzirki wagtda sebitde bolup geçýän geosyýasy ýagdaýlar sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegini talap edýär. Taraplar sebitiň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar basseýniniň diňe bir syýasy däl, eýsem, ykdysady nukdaýnazardan hem ähmiýeti nygtaldy we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar haryt dolanyşygynyň artýandygyny bellediler. Muňa mysal hökmünde käbir görkezijiler getirildi. Şunuň bilen baglylykda, gazyň eksport edilmegine we üstaşyr geçirilmegine, eksportyň we importyň artdyrylmagyna, ulag, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleriniň çözgüdini işjeňleşdirmek teklip edildi.
Gaz alyşmak boýunça ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Elektroenergetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurdy birleşdirjek Mary — Maşat elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Eýran ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýär. Munuň özi bu pudakda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýük gatnawlaryny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe anyk teklipleri, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hem-de Hazar deňzindäki Eýranyň portlarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak meselelerine degişli başlangyçlary beýan etdi.
Oba hojalygy hem döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Şunuň bilen birlikde, söwda, maýa goýum, senagat ýaly ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy we bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mehanizmleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir.
Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň bu ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini bellediler. Nygtalyşy ýaly, bilelikde geçirilýän dürli çäreler halklarymyzyň ruhy taýdan baýlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, sport, ekologiýa ugurlary boýunça, iki ýurduň welaýatlarynyň derejesinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini nygtap, bu şanly sene mynasybetli eýranly dostlar bilen döredijilik forumlarynyň guraljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda
- Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
-Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;
-Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasy;
-Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama;
- S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Şol gün “Saadabad” toplumynyň “Hafeziýe” köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.