Ankara şäherinde Türkmenıstanyň Prezıdentiniň «Türkmenıstan - Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyna bagyşlap, 2017-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň Gazi döwlet uniwersiteti bilen bilelikde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabaraly çärä Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň käbir deputatlary, Ankara şäherinde ýerleşýän Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylary, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynda işleýän we bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Gazi döwlet uniwersitetiniň rektory Ibrahim Uslan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty, Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň türk tarapyndan başlygy Metin Gündogdu, Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary D.Kaseinow, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň başlygy Hüseýin Ýüjel we taryhşynas Ýahýa Aksoý çykyş etdiler.
Dabaraly çärede çykyş edenler kitabyň gysgaçy mazmuny, bölümleri, onuň içinde beýan edilýän pikirler, kitabyň aýratynlyklary we beýleki ähmiýetli taraplary barada bellenmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda köpugurly ykdysady, syýasy we durmuş ähmiýeti barada, kitapda Ýüpek ýolunyň medeniýetleriň ýakynlaşmagyna, siwilizasiýalaryň ösmegine, medeni mirasa hormat goýmaga, durmuş-ykdysady abadançylyga ymtylmaga, Günbataryň we Gündogaryň arasynda ykdysady, ylmy we medeni baglanyşygyň berkemegine uly orun berilýändigi barada pikirleri beýan etdiler.
Mundan başga-da çärä gatnaşanlar täze söwda ýollarynyň we ugurlaryň döremegine Beýik ýüpek ýolunyň esaslandyrylan döwründe dörän we häzirki wagtda kämilleşýän halkara ulag ulgamlaryň aýrylmaz gatnaşyjysy bolan Türkmenistanyň wajyp orny barada aýratyn durup geçdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda ýurdumyzyň kompozitory Röwşen Nepesowyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli sazlary ýaňlandyryldy. Soňra bolsa çärä gatnaşyjylara we myhmanalara türkmen milli tagamlary hödür edildi.