SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Kazan şäherine gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň bolmagyna garaşylýar.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda resminamalaryň giň toplumyna garalmagy göz öňünde tutulýar.
“ULAG, LOGISTIKA WE DEŇIZ PORTLARYNYŇ DOLANDYRYŞ ULGAMYNY ÖSDÜRMEKDE TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGY” ATLY ÝÖRITE MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda “Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň degişli edaralarynyň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomatlary, bu ýurduň “Maritime” institutynyň wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdep...
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KHBS-Ň MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we weki...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýew Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Huseýine Türkmenistanyň Iordan Haşemit Patyşalygyndaky Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamlaryny ýollady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine uly ynam bildirdi.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary hem-de ýu...
TÜRKMENISTANDA YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanda her ýylda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Geçirilen maslahatyň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri, daşary ýurtly alymlar we bilermenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ý...