SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä gün tertibiniň wajyp soraglary b...
ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI
2018-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Rumyniýanyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda döredilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar öňki duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň...
BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA GEÇÝÄN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELERE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka dowam edýän saparynyň çäklerinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy geçirildi. A.Guterriş Türkmenistanyň BMG bilen dürli ugurlar boýunça ysnyşykly we işjeň hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň howpsuzlyk meselelerinde, bosgunlar, migrasiýa, Öňüni alyş diplomatiýa boýunça Merkezi Aziýa üçin sebi...
ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝURDUŇ ULAG UGRUNDAKY «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» WE AWTORALLI «АMUL-HAZAR 2018» DIÝEN BAŞLANGYÇLARY BARADA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri ýurduň ulag ulgamyndaky esasy başlangyçlary barada beýannama bilen çykyş etdiler. Beýannamada Nýu-Ýorkda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» atl...
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY
2018-nji 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Murad Aşraf Janjua bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem işjeňleş...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI ÇARELERE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň umumy maslahatlaşmasynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda DÖM-niň netijeli integrasiýasyny we ýerli aýratynlyklary we maksatlary nazara almak bilen Türkmenistanyň ösüşiniň milli strategiýasyna bagly maksatlaryny belledi. Şeýle hem ol BMG-niň ÖM, ÝB we BMG-niň ýanyndaky Slowakiýanyň Hemişelik Wekil...
NÝU-ÝORKDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ÖM-nyň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly» atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy. Çärä gatnaşyjylar üçin TOPH taslamasy boýunça surat sergisi gur...